Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanyp «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda 2026-njy ýylyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka bolandygy, ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýandygy, ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýändigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, ýylyň şygary türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär, şeýle hem onda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlylygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär. Bedew atyň belent ruhy, ýyndamlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar.
«Tegelek stol» söhbetdeşliginde nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolýar.