744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.01.2026
Nebitçilere göwnejaý hyzmat edilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň düzümine girýän Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi nebitçileriň ýakyn ýardamçysy hasaplanýar. Bu kärhananyň esasy wezipesi nebitçileri gündelik önümçilik meýdançalaryna gatnatmak, baýlyklar känlerini özleşdirmekde zerur bolan enjamlarydyr turbalary bellenilen ýerlere eltmek ýaly gaýragoýulmasyz işlerden ybarat.

Geçen ýyl bu kärhana Hytaýda öndürilen «Yutong» kysymly wahta awtobuslarynyň 30-sy gelip gowuşdy. Munuň özi amala aşyrylýan hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn uly täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda kärhanada jemi 300-e golaý dürli awtoulaglardyr tehnikalar kadaly işledilýär. Olara erk edýän ussat sürüjiler her gün ir säher bilen Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Çeleken ýaly nebit-gazly baýlyklar känlerine ýola düşüp, nebitçilere göwnejaý hyzmatlary amala aşyrýarlar. Bu ýerde zähmet çekýän sürüjilerdir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edýärler.

Kärhananyň binýadynda Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän 400 orunlyk «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hereket edýär. Onda tomusky dynç alyş möwsüminde nebitçileriň çagalarynyň sapaly dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen.

Geçen ýyl kärhanada amala aşyrylan işleriň pul hasabyndaky umumy möçberi 45 million 601 müň manatlykdan gowrak bolupdyr. Bu görkezijiniň meýilnama bilen deňeşdirilende 520 müň manatdan gowrak artyk bolandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Awtoulag kärhanasynda amala aşyrylýan işleriň häzirki depgini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir aýynyň diňe üstünliklere beslenjekdigine ynamy artdyrýar.