Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Baku Halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň direktory Eldar Salahow bilen duşuşyk geçirildi. Onda soňky wagtlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, aýratyn-da, Türkmenbaşy we Baku (Alýat) Halkara deňiz portlarynyň arasynda logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge üns berilýändigi nygtaldy. Munuň özi özara söwda dolanyşygynyň artýan şertlerinde Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalary artdyrmaga, Orta geçelgäni ösdürmäge, iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda taraplar ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak, serhetüsti we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça işjeň iş alyp barýarlar.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy hem-de Baku portlaryny birleşdirýän esasy ýol nebitiň, dürli ýükleriň, demir ýol wagonlarynyň daşalmagyny üpjün edýär. Soňky ýyllarda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty iri ulag merkezine öwrüldi, Baku porty bolsa öz infrastrukturasyny yzygiderli giňeldip, ýük we ýolagçy gatnawlarynda ornuny güýçlendirýär.
Taraplar Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi, Konstansa portlary arkaly ýük daşamalary artdyrmagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.