Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança, IV tapgyr» atly taslama resminamasyna gol çekildi. Bilelikde amala aşyryljak bu degişli taslama Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi maksat edinýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, gürrüňi edilýän taslamanyň dördünji tapgyry 2026-2027-nji ýyllar üçin meýilleşdirilendir we ol uly maksatlary kesgitleýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny sebitleşdirmek (ýerli derejede ornaşdyrmak) meseleleri boýunça milli mümkinçiligi pugtalandyrmak wezipeleri hem bar. Şeýle-de ýurdumyzyň sebitleriniň biriniň mysalynda Ýerli meýletin syny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibi 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň durnukly ösüşiň 17 maksadyny öz içine alýan degişli Kararnamasy bilen makullanyldy. BMG-niň ähli agza ýurtlary bu Kararnamany goldadylar. Türkmenistan dünýäde ählumumy maksatlaryň wezipelerini milli şertlerine uýgunlaşdyrmaga başlan ilkinji ýurtlaryň biri boldy.
Ýurdumyzda «Gün tertibi — 2030-y» amala aşyrmagyň barşynda ileri tutulýan ugurlaryň ählitaraplaýyn hasaba alynmagyny gazanmak, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň toplumlaýyn we bitewi häsiýetini hasaba almak, durnukly ösüşiň üç böleginiň (ykdysady, durmuş we ekologiýa) ählisiniň deňeçerligini üpjün etmek maksady bilen, milli utgaşdyryjy gural döredildi. Şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli häkimiýetleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ýaşlaryň wekillerini öz içine alýan iş topary döredildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda umumy utgaşdyrma işini alyp barýar. Statistika baradaky döwlet komiteti bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň milli maglumatlar binýady üçin maglumatlary ýygnamagy amala aşyrýar.
Türkmenistanyň iki gezek, has anygy, 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylyşynyň barşy barada Meýletin milli synlary taýýarlap, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ýokary derejeli syýasy forumynyň meýdançasynda hödürlemegi bilelikdäki işleriň anyk netijeleri boldy.
«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança» atly bilelikdäki taslamanyň öňki üç tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde DÖM-nüň görkezijileri boýunça hasabatlylygyň milli platformasy döredilip, häzirki wagtda ol onlaýn görnüşde hereket edýär.
«Gün tertibi — 2030-a» ýetmekdäki öňegidişligiň ýyllyk milli synlary, olaryň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça ýyllyk Milli hasabatlar hem taýýarlanyldy. DÖM-nüň wezipeleriniň milli maksatnamalara, strategiýalara we meýilnamalara ornaşdyrylyşy babatynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň usulyýeti boýunça Çalt toplumlaýyn bahalandyrmalar we Maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn milli mehanizmini (MTMM) ornaşdyrmagyň çäklerinde Ösüşi maliýeleşdirmäge baha bermek geçirildi.
Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ýene-de bir netijesi Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy we kanunçylygynyň BSG-niň talaplaryna laýyk gelmegi üçin hereketleriň meýilnamalary bilen baglanyşykly «Ýol kartasynyň» taýýarlanylmagydyr. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meselelere taýýarlyk görmek we kanunçylygy BSG-niň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, «2022 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy», ondaky çäreleri ýerine ýetirmek boýunça degişli meýilnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.