Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 6-njy fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem olar "Türkmenýüpek" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden çig ýüpegi, Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Türkiýe Respublikasynyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi, ýerli işewürlerden pagta ýagynyň soapstogyny, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik çig ýag turşulygyny (ÇÝT), pagta ýagynyň çökündisini, pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny (ÇÝT) we pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny (ÇÝT) satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 19 939 928,00 manada we 1 507 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.