Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy fewralda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hökümet mejlisinde ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, döwletimiziň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Garalýan döwürde nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hem aýdyldy.