744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.02.2026
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmagy tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle-de nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Batyr Amanowa ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen, şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 126,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi.