744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.02.2026
Indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler

Indiki hepdede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler we onda ýurdumyzda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy.

Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

“Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňde durýan wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi.