Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda nebit önümlerini satyn almak baradaky geleşikler hem bar.
Hususan-da, geçen hepdäniň birža söwdalarynda nebit önümlerine daşary we içerki bazarlaryň ikisinde hem isleg bildirildi.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, polipropileni, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şeýle-de portlandsement, nah ýüplük, çig ýüpek, bugdaý uny satyn alyndy. Içerki bazarda geleşikleriň jemi bahasy 669 million 542 müň manatdan gowrak boldy.