744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.02.2026
Nebitgaz toplumynda ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi

7-nji fewralda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly maslahat geçirildi. Oňa bu pudaga degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçy düzümleri gatnaşdylar.

Pudaklaýyn maslahatda döwlet Baştutanymyzyň 6-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren degişli tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy hem-de öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Hususan-da, maslahatda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk ugurlarynyň biri bolan nebitgaz pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, munuň üçin önümçilik işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etmek babatda öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça mundan beýläk-de alnyp barylmaly işlere aýratyn ähmiýet berildi.