Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýany adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy bilen sanly ulgam arkaly gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat bilen garalýar hem-de muňa aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halky bilen bu ýurtlaryň halklarynyň arasynda köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer arabaglanyşyklar bar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär we ýurtlarymyzyň ileri tutýan maksatlaryna doly laýyk gelýär.
"Azerbaýjanyň Prezidentiniň we Ermenistanyň Premýer-ministriniň paýhasynyň, ýokary jogapkärçiliginiň iki ýurduň rowaçlygyny, abadançylygyny üpjün etmäge, Günorta Kawkazda uzak möhletli durnuklylygy hem-de ylalaşygy saklamaga we berkitmäge uly täsir edýän wajyp şert bolup çykyş edýändigini nygtamak isleýärin. Şeýh Zaýed adyndaky baýragyň berilmeginiň dünýä derejesinde hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, parahatçylyk filosofiýasynyň, ynanyşmagyň we özara hormata esaslanýan dialogyň ýokary gymmatlyklaryny yzygiderli gorap saklamak üçin ruhlandyryjy itergi boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistan bu ugurdaky işlere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, öz hemişelik Bitaraplyk derejesini, mümkinçiliklerini we toplan syýasy tejribelerini ählumumy hem-de sebitleýin parahatçylygy döretmek boýunça gün tertibini amala aşyrmak, halkara hukugyň kadalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny goramak boýunça derwaýys meseleleri çözmek üçin ulanmaga taýýardyr" diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlagynda belledi.