Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 9-njy fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewürleri ýerli işewürlerden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 801 000,00 manada we 2 717 504,26 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.