744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.02.2026
“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümi ýerli işewürlere ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 10-njy fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi. Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Olar şeýle hem "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy we Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýäniň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 142 273 000,00 manada we 1 622 300,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.