10-njy fewralda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Türkmenistanyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda şu gün geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.
Metbugat maslahatynda “Arkadag” toparynyň tälimçisi we oýunçysy ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. Şeýle hem toparyň tälimçisi we futbolçysy özboluşly synag hökmünde kabul edilen duşuşygyň türkmen futbolçylarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, olaryň oýnuň has netijeli usullaryny özleşdirmeklerinde ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, türkmen sportunyň abraýyny belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra bu ýerde guralan metbugat maslahaty “Al-Nassr” toparynyň tälimçisiniň we oýunçysynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ilki myhmanlaryň Türkmenistan we onuň paýtagty baradaky pikirlerini diňlediler. Şeýle hem bu gezekki bäsleşigiň nähili geçjekdigi baradaky çaklamalar bilen gyzyklanyldy.
Myhman toparyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda döredilen mümkinçilikleriň derejesine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, 45 müň orunlyk stadionyň meýdançasynda örän çekeleşikli we gyzykly oýun bolar. Her toparyň ýeňşe umyt baglaýandygy äşgär hakykat. Hut şonuň üçin hem futbolçylar meýdançada täsirli oýun görkezmäge çalşarlar.
Myhmanlar “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny, olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar.
“Al-Nassryň” wekilleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň paýtagtynda bolup, dünýäde meşhurlyk gazanan topar bilen bäsleşmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýandyklaryny bellediler.
“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga dünýäniň 13 ýurdundan köp sanly žurnalistler gatnaşarlar.