Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 11-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebit önümlerine uly isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Gruziýanyň işewürleri bolsa bu konsern bilen “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 338 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.