744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.02.2026
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlarynyň duşuşygy baýramçylyk ruhunda geçdi

11-nji fewralda paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Futbol duşuşygynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda sportda gazanylýan üstünlikler belentden wasp edildi.

Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen geçirilen duşuşyk ýurdumyzyň “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň netijesidir. Bu möhüm ähmiýetli futbol duşuşygy türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi.

Futbol duşuşygynyň emininiň oýnuň başlanýandygynyň alamaty hökmünde jürlewük çalmagy bilen, ýaşyl meýdançada taryhy pursatlara badalga berildi. Bu ajaýyp wakanyň şanyna sebitde deňi-taýy bolmadyk 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda futbol duşuşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sport alawy ýakyldy.

Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler.

“Arkadagyň” oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda, “Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar. Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy.

Ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, arassa hem-de owadan oýun boldy. “Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşyk halkymyz üçin toý-baýram ruhunda geçdi, türgenlerimiz bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtylarlar.