744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.02.2026
«Hazarnebitde» ýanwar aýynda 210 tonna golaý nebit meýilnamadan daşary gazylyp alyndy

Ýurdumyzyň günbatar sebiti Balkan welaýatynyň dürli edara-kärhanalary, önümçilik pudaklary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda ýokary ykdysady görkezijilere eýe bolmagy başardylar. Şolaryň hatarynda nebitgaz senagaty pudagynda uglewodorod çig malyny gazyp almakda netijeli işleri alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň bu welaýatyň çäklerindäki önümçilik kärhanalarynyň merdana nebitçileriniň netijeli işleri hem öwgä mynasypdyr. Şeýle öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasydyr.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmakda öňde goýlan wajyp wezipelere abraý bilen hötde gelýän merdana «gara altyn» ussatlarynyň ýanwar aýynda gazyp alan çig malynyň mukdary 12 müň 519 tonna golaýlady. Munuň özi gazylyp alnan nebitiň meýilnamada görkezilenden 210 tonna golaý köpdügini aňladýar.