Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 12-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we ýerli işewürlerden plastik poddony satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 10 048 900,00 manada we 1 129 700,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.