«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny turuwbaşdan zähmet üstünliklerine besleýärler. Olar gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarmakda, tebigy gazy gaýtadan işläp, içerki hem-de daşarky sarp edijilere ýetirmekde öwgä mynasyp işleri bitirýärler.
Müdirligiň ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolmagynda Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň edara-kärhanalarynyň gazçylarynyň mynasyp paýy bar. Kärhananyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumy 14 ýyl çemesi wagt bäri «Galkynyş» gaz käniniň tebigy gazy kükürtden arassalaýan senagat kärhanalaryny önümçilik üçin gerek bolan arassa suw bilen üznüksiz üpjün edip gelýär. Türkmen gurluşykçylarynyň hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde guran kärhanasynda iň kämil döwrebap tehnologiýalar oturdylan. Bu enjamlar suwy bildirilýän talaplara laýyk derejede ýokary hilli arassalap, sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Önümçiligi wahtalaýyn usulda guralýan bu toplumda işçileriň 70-den gowragy öndürijilikli zähmet çekýär. Baý iş tejribesini toplan hünärmenler kärhananyň desgasyndaky ýokary tehnologiýaly enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Gözbaşyny Garagum derýasynyň 432-nji kilometrliginden alýan getiriji akaba arkaly suw ilki göwrümi 54 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen howdana öz akymy bilen akdyrylýar.
Desgalar toplumynyň birinji göteriji nasos ulgamynda sorujylaryň tutuş toplumy ýerleşdirilen. Şol enjamlaryň kömegi bilen suw her biriniň göwrümi 420 kub metr bolan 2 sany ilkinji çökündi howuzlara akdyrylýar. Şol howuzlarda suw belli bir derejede tebigy usulda arassalanylýar. Soňra suwuň düzümi gyrmançalardan kaogulýantyň ýa-da himiki birleşmäniň kömegi bilen ikinji gezek arassalanylýar. Suwy gyrmançadan arassalamakdaky tehnologik işleriň ýene-de bir tapgyry kärhananyň birinji aralyk göterijisinde oturdylan süzgüçleriň kömegi bilen amala aşyrylýar.
«Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynda tehnologik talaplara laýyk derejede arassalanylýan suw şu ýerdäki her biri bir ýarym kub metr suwy saklamaga niýetlenilen üç sany çelekde toplanýar. Soňra taýýarlanylan arassa suw göwrüminiň diametri 630 millimetr bolan polat turba arkaly üçünji ýygnaýjy we toplaýjy bekede ugradylýar hem-de sarp edijilere ýetirilýär. Desgalar toplumyndan, taslama kuwwatlygyna laýyklykda, arassa suwuň her gije-gündizde 18 müň kub metri ugradylýar.
Iş tabşyryklaryny üstünlikli berjaý edýän desgalar toplumynyň işgärleri mundan beýläk hem öndürijilikli zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmagy maksat edinýärler.