Awaza döwlet elektrik stansiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegine hem-de ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň sazlaşykly işlemegine oňyn täsirini ýetirýär.
Energetikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda hem netijeli zähmet çekdiler. Has dogrusy, olar şu ýylyň başyndan bäri 132 million 944 müň kilowat sagat elektrik toguny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Bu ykdysady görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulandan 22 million 944 müň kilowat sagat köp bolup, meýilnamanyň 121 göterimine barabardyr. Şeýlelikde, kärhananyň elektrik energiýasyny öndürmek boýunça önümçiliginiň ösüş depgini 117 göterime çenli ýokarlandy.