744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.02.2026
Dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär

Şu günler ýurdumyzda 29-njy martda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny öz içine alýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar döwletimiziň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi bolar.

Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanan degişli meýilnama laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň degişli komitetleri hem-de raýatlar toparlary gatnaşýarlar. Saýlaw gününe çenli 25 ýaşy dolýan, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenip bilinýändigini, ýerli halk maslahatlaryna we Geňeş agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 21 ýaşy dolan hem-de degişli çäkde hemişelik ýaşaýan raýatlar bolmalydygyny bellemek gerek.

Geçirilýän ýygnaklarda zähmeti bilen Watana wepalylygyny subut eden, ilat arasynda uly hormata eýe bolan mynasyp raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär.