744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.02.2026
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler hem gatnaşdylar.

Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini aýtdy.

“Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.