744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.02.2026
Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer täzelendi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Batyr Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowy, şol bir wagtda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.

Wise-premýer Guwanç Agajanow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle-de Hökümet mejlisinde Aşyrguly Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Guwanç Agajanowa ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda hem döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.