2025-nji ýylda ýurdumyzda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy. Bular barada 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde degişli wise-premýeriň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabatynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda hem döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
“Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle-de gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçlendirmegi, nebitgaz ylmyny kämilleşdirmegi, daşary döwletleriň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere üns bermegi tabşyrdy.