744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.02.2026
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklandy

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Karar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we sebitleriň depginli ösmegini gazanmak, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly güýjünde peýdalanmak, eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, kiçi we orta telekeçiligi giňden goldamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.