744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.02.2026
BAE-niň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümlerini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 14-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine uly isleg bildirildi. Hususan-da, daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "SN-180", "SN-600", "SN-350" kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Türkiýäniň işewürleri bolsa ýerli telekeçilerden nah ýüplügi we 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 1 691 600,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.