744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.02.2026
«Türkmengaz» döwlet konserniniň işi kämilleşdirilýär

Türkmenistanda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatdaky işler alnyp barylýar. Bu barada 27-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi