744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.02.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp gözeli – 2026» bäsleşigi geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp gözeli – 2026» atly bäsleşigiň uniwersitet tapgyry geçirildi. Ýurdumyzda bu bäsleşik her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda guralýar. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde guraýarlar.

Bäsleşik talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, maksada okgunlylygyny, ruhubelentligini, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlary we halkymyzyň köpöwüşginli medeni mirasynyň aýratynlyklaryny kämil bilşini, şol gymmatlyklary ýaş nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen tapgyryna ýokary okuw mekdebiniň fakultetlerinde bilim alýan talyp gyzlar işjeň gatnaşdylar. Olar döredijilik çykyşlary, milli lybaslaryň görkezilişi, türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň sahnada özüni alyp barşyna, el işlerini, hünärini çeper beýan ediş ukyplaryna hem baha berdiler.

Uniwersitet tarapyndan bäsleşigiň ýeňijisine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ol «Talyp gözeli – 2026» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

 

Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti