Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň nebit önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikleriň hem köpüsi bar.
Hususan-da, geçen hepdedäki birža söwdalarynda daşarky bazarda daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Içerki bazarda bolsa ýurdumyzyň telekeçileri binýatlyk ýagy, polipropileni, peç ýangyjyny (“Türkmennebit” döwlet konserni).
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti