«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň welaýatyň çäginde iş alyp barýan bölümlerinde ýylyň geçen hasabat döwründe ýetilen sepgitler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şunda müdirligiň Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň gazanan zähmet netijesi has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän ekspedisiýanyň hünärmenleri öňde goýlan meýilnamalara şu ýylyň başyndan bäri abraý bilen hötde geldiler. Olaryň şu döwürde ýerine ýetiren gözleg-barlag we geofiziki işleriniň möçberi 2 million 460 müň manatlyga golaý boldy. Munuň özi göz öňünde tutulan meýilnamanyň 109,8 göterim berjaý edilendigini aňladýar.
«Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň ýerlerdäki bölümleri «Türkmennebit» döwlet konserninde amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşýar. Burawlanan, şeýle hem gazuw işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek zerur bolan çäreleri takyk amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň giň toplumy hut şu müdirligiň geofizikleriniň tagallasyna bagly bolup durýar. Anyk kesgitlemeleri we çözgütleri talap edýän bu möhüm işlerde kuwwatly awtoulaglarda oturdylan göçme barlaghanalar, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar netijeli ulanylýar.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti