744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.03.2026
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji fewralda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebeller, olaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi.

Hajy Arkadagymyz metjidiň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz metjidiň ähmiýetini nazara almak bilen, onuň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli talaplara laýyk gelmelidigini belledi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň, aşhana otaglarynyň enjamlarynyň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri, bezeg serişdeleri, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere degişli şekil taslamalary hem görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Iş maslahatynda Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, şol sanda beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Şäheriň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi babatda maslahatlaryny berdi.

Şeýle-de Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewler bilen didarlaşdy we Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi