Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “SN-180”, “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn aldylar. Şeýle-de olar Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi we dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden portlandsementi satyn aldylar. Gyrgyzystanyň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 222 014 200,00 manada we 250 680,00 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.