«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «2025-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynda zähmeti goramaklygyň, tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilişi we 2026-njy ýylyň wezipeleri» atly maslahat geçirildi. Çäre korporasiýanyň jogapkär işgärleriniň, inženerleriniň, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Maslahatda 2025-nji ýylda önümçiliklerde, edara-kärhanalarda, bagçylyk zolaklarynda, tokaý hojalygynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi boýunça işleriň jemleri jemlendi. Işgärlere, hünärmenlere, şol sanda meýdan şertlerinde işleýän zähmet köpçüligine döredilen amatly şertler, işgärleriň we hünärmenleriň zähmetini goramakda alnyp barlan işler, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişi, işgärler bilen edaranyň arasynda baglaşylýan köpçülikleýin şertnamalary kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan adam hakyndaky aladadan gelip çykýan çözgütleri köpçülikleýin şertnama girizmek hem-de ony doly, dogry ýerine ýetirmek barada giňişleýin durlup geçildi. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça 2026-njy ýylda amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi. Ondan başga-da, degişli hünärmenleriň alyp barýan işleriniň hasabatlary diňlenildi. Zähmeti goramagyň, tehniki howpsuzlygyň inženerlerine we beýleki işgärlerine bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen teklipleriň berilmelidigi tabşyryldy.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti