744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara, şol sanda myhmanlara Gutlag bilen ýüzlendi.

Gutlagda bellenişi ýaly, Türkmenistanda ykdysadyýeti innowasion ugurlar boýunça ösdürmäge, durmuş ugurlarynda halkyň abadançylygyny, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýär. Munuň özi dünýä ýurtlaryndan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleriň açylmagynda möhüm şert bolup durýar.

«Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu köpugurly halkara serginiň täze işewürlik mümkinçiliklerini döredip, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň 100-den gowrak döwletinden dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara, uly tejribä eýe bolan iri kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi.

«Bu giň möçberli serginiň çäklerinde hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge, ululy-kiçili taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki meýiller barada pikir alyşmaga giň mümkinçilik dörediler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda aýtdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi