744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de bu orna Türkmenistanyň Serhet institutynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplar toparlary mynasyp görüldi. 2-nji orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary eýelediler. 1-nji orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýa merkeziniň binýadynda geçirilip, oňa 15 ýokary okuw mekdebiniň hersinden bir topar gatnaşdy.

Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara «Etut.developer» bilim web saýtynyň özboluşly görnüşlerini döretmäge hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion pikirlerinidir işläp taýýarlamalaryny hödürlemek teklip edildi. Toparlaryň IT-çözgütlerine web saýtyň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri, ulanmak üçin amatlylygy hem-de maglumatlaryň saklanyşyny üpjün etmegiň hili ýaly ölçegler boýunça baha berildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti