Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen 1-nji aprelde geçirilen duşuşygynda tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwrüp, dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem suwuklandyrylan gazdan gelium gazynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça Ýaponiýanyň Çubu uniwersitetiniň professorynyň teklip eden taslamasynyň mümkinçilikleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalarydyr guramalaryny tanyşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler barada pikir alşyldy.
Duşuşykda käbir beýleki ugurlarda-da hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaldy.