744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistan bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi