744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.04.2026
Birža söwdalarynda ýerli işewürler “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 3-nji aprelde geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninden pes hilli tehniki kükürt satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli telekeçilerden 1-nji hilli bugdaý ununy, Serbiýanyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 55 million 200 müň manada we 1 million 267 müň 500 amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy