Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bular barada 3-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny artdyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatynda aýdyldy.
Hususan-da, bu döwürde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 119 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 126,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryk berdi.