744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.04.2026
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary öňde goýlan wezipeleri maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda bu pudak boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Onuň dowamynda 3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow maslahaty açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini, olaryň işini kämilleşdirmekde we ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýändigini, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi. Şeýle-de wise-premýer pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň goýlandygyna ünsi çekdi.

Maslahatyň barşynda toplumyň, şol sanda onuň birleşikleridir müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp barmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly ulgamy giňişleýin ulanmak boýunça işleriň depginini has-da çaltlandyrmak ýaly wajyp ugurlar boýunça wezipeler giňişleýin maslahatlaşyldy.

Wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, golaýda geçiriljek «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahata ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Maslahatda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi.

 

Çeşme: "Ussat news" elektron gazeti