744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.04.2026
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki işler, taslamalar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň şenbe gününde Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow gaznanyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şunda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň otaglaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, bu ýerde asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýanyň gurluşygynyň, şeýle-de asman jisimlerini synlamak üçin ýörite teleskopyň ornaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy, “Jahan” döredijilik merkezinde bolsa fitnes zalyny, köp sanly daşary ýurt dillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen lingafon otaglaryny, beýleki ýöriteleşdirilen ders otaglaryny döretmegiň, üsti açyk we ýapyk sport zallaryny gurmagyň, çagalara dizaýn, marketing ugurlary boýunça bilim bermegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Häzirki wagtda Aşgabatdaky 500 orunlyk Şehitler metjidinde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işleri, Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän metjidiň gurluşyk hem-de bezeg işleri barada-da maglumat berildi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky metjidi döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde onuň namaz okalýan ýeriniň giňeldilendigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, bezeg serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanda dost-doganlygyň nyşany hökmünde gurulýan metjidiň bezeg işleri amala aşyrylanda, ýerli ilat bilen maslahatlaşyp, olaryň islegleriniň öwrenilmelidigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi. Onda haýyr-sahawat düzüminiň häzirki döwürde alyp barýan işleri, çagalara hemaýat bermek, olaryň saglygyny dikeltmek, dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömeklerini ugratmak boýunça ýerine ýetirilýän işler maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasynyň tejribeli lukmanlarynyň, dostlukly ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gelmegine görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Lukman Arkadagymyz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu ugurda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Milli Liderimiz metjidiň daş-töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleri, binanyň gümmezleriniň reňk aýratynlyklaryny synlady. Metjidiň içiniň we daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna, arassaçylygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde 30 müň orunlyk metjide ýazyljak namazlyk halynyň görnüşleri-de görkezildi.

Metjidiň namazlyk halysynyň Arkadag şäherine kybap reňkde bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenilip, bu işde din wekilleri bilen maslahatlaşmagyň ähmiýetli boljakdygyna üns çekildi. Milli Liderimiz metjidiň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyny, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň yslam dünýäsinde ähmiýetli hasaplanýan metjitlere mahsus derejede bolmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi