Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işine girişildi.
Häkimler welaýatlarda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça ekişinde, bugdaýa ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekinlerden bol hasyl almaga we pudagy durnukly ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, olary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.