«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Aşgabatgaz» müdirliginde Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösüşine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda bu ugurda ýaňy-ýakynda bolup geçen wakalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň, şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda täze awtomobil ýollarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär, bar bolan ýol ulgamy döwrebaplaşdyrylýar hem-de pudaga häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu çäreler ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini artdyrmaga hem-de ýurduň ulag ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.