Hytaýyň Puyang Shengyuan Petrochemical Group kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde maýa goýumlaryň möçberi takmynan 9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça uly möçberli taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Wan Siçen Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «Biznes Türkmenistan» internet neşiri ýazýar.
Bu başlangyç tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek arkaly himiýa senagaty, oba hojalygy we energetika ugurlarynda üç sany önümçilik zynjyryny döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi çig mal serişdeleriniň goşulan gymmatyny ep-esli derejede ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de logistika, hyzmatlar we maşyn gurluşygy ýaly ugurdaş pudaklaryň ösüşine itergi bermäge mümkinçilik döretjekdigine garaşylýar.
Esasy ugur hökmünde ýylda 1,8 million tonna metanol öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Ondan soň ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen öndüriler. Bu bölegiň inženerçilik çykdajylary 6,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.
Ikinji önümçilik zynjyry oba hojalyk pudagy üçin önümlerini öndürmäge gönükdirilendir. Taslama boýunça ýylda 1 million tonna çenli sintetiki ammiak we 1,8 million tonna karbamid öndürmek meýilleşdirilýär. Bu ugur boýunça inženerçilik çykdajylary 0,6 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.
Üçünji ugur ýokary goşulan gymmatly nebit önümleriniň öndürilmegini öz içine alýar. Ýylda takmynan 320 müň tonna nafta, 620 müň tonna dizel ýangyjy we 60 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, toplumyň içerki zerurlyklary üçin wodorod we gury gaz almak göz öňünde tutulýar. Bu bölegiň inženerçilik bahasy 1,1 milliard dollar bilen kesgitlenýär.
Wan Siçeniň aýtmagyna görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň tebigy gaz ätiýaçlyklaryny durnukly ykdysady ösüş gazanmaga we geljekki senagat özgerişe ýetmäge mümkinçilik berer.