744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.05.2026
Ýanwar — aprel aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada 1-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň dört aýyň makroykdysady görkezijileri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalaryna ýüzlenip, geçen dört aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

“Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek gerek” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegi, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi