2-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine daşarky bazarda isleg bildirildi.
Daşarky bazarda Özbegistanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Gruziýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bolsa Türkmenistanyň bu konserni bilen «SN-600» we «SN-180» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle-de daşarky bazarda ýerli işewürlerden Gyrgyzystanyň işewürleri nah ýüplügi, Rumyniýanyň işewürleri pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny (ÇÝT) satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 3 million 666 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan 11 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy