744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.05.2026
Geçen hepdedäki birža söwdalarynda nebit önümleri uly islege eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdedäki söwdalaşyklarda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikleriň hem köpüsi bar.

Hususan-da, geçen hepdede daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň, Rumyniýanyň telekeçilerine pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklary, çig ýüpek, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük we mata, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri jemi bahasy 23 million 918 müň manada deň bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle-de aşgarlanmadyk matany, pagta süýümini satyn aldylar.

 

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti