744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.05.2026
Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy 10 göterimden geçdi

Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň umumy möçberi 10 göterimden geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň web saýtynda ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynda eden çykyşyna salgylanylyp habar berildi.

Habarda aýdylmagyna görä, ministr öz çykyşynda 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarlanyp, 12,8 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça hem-de şu ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanyň ykdysady ösüş depgini 6,3 göterim boldy. Geçen ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň jemi içerki önümi (JIÖ) 77,4 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Nebit-gaz pudagyny hasaba almazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde döwlete degişli bolmadyk pudagyň paýy 72,8 göterime deň bolup, munuň özi ýurtda telekeçiligiň depginli ösüşini görkezýär.

M.Astanagulow Türkmenistanyň Hytaý bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigini we ony esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görýändigini belläp, şunda senagat, gaz pudagynyň, oba hojalygynyň we ulag ulgamynyň ileri tutulýan ugurlardygyny aýtdy.

Ministr Türkmenistanyň oba hojalyk we senagat önümleri boýunça ösýän bazarynyň, şeýle hem Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda giň ulag-logistika ulgamynyň bardygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nebit we gaz senagatyna, nebithimiýa, gazhimiýa, energetika, gurluşyk, oba hojalygy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.