744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.05.2026
Milli Liderimiz Arkadag şäherinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyklar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda täze şäherde gurulýan metjidiň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz metjidiň girelgeleriniň biriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derejesine we girelgäniň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli öwüt-ündewleri berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň çäginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan muzeýiň daşky bezeg işleri bilen hem tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýdyp, bu ýerde il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet we halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Ol bu barada özüniň nesihatlaryny bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenilse maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz soňra Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we durmuş maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, şäher seýilgähiniň çäklerinde ýerleşdiriljek şekilleriň görnüşlerine, halkara çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygyna we bezeg işlerine degişli taslamalar, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşjakdygy barada aýdyldy.

Şeýle-de täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygy, ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi, bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesiniň täze jaýlara göçüp gelendikleri, müňlerçe iş orunlarynyň döredilendigi barada giňişleýin maglumatlar beýan edildi.

Gahryman Arkadagymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi