744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

Türkmenistanda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow 4-nji maýda degişli Permana gol çekdi.

Resminama 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi